+33 gradus we ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (22.04 - 28.04)

  • 22.04.2024 08:15
  • 19441
+33 gradus we ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (22.04 - 28.04)

Gidrometeorologiýa baradaky gulluk Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +24 gradusdan +31... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

 


18.06.2024 18:26
27184

Aşgabatda öýde we howluda gurnalýan basseýnleriň dürli görnüşlerini nireden satyn alyp bolýar?

Tomus möwsüminde dynç almak üçin hökman deňze gitmeli diýip kim aýdypdyr? INTEX dükany maşgalaňyz üçin “deňizde dynç alşy” öýüňizden gurnamagy teklip edýär. Munuň üçin öýde-howlularda gurnalýan basseýnler ýerine...

11.06.2024 14:27
26564

Şamelek Pavilion toý dabaralary üçin Türkmenistanda ilkinji bolup üçegi aýna ýaly dury palatkalaryny hödürleýär

“Şamelek Pavilion” Türkmenistanda ilkinji bolup toý dabalary, sadakalar, doglan günler, şeýle hem köp adamly beýleki dabaralar üçin niýetlenen üçegi aýna ýaly dury, özboluşly bezegi bolan ýewro palatka hyzmatyny...

11.06.2024 13:49
20331

Aşgabatdaky «Awtomobil ulag hyzmaty» kiçi awtobus we ýeňil taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kiçi göwrümli awtobuslaryň hem-de ýeňil taksi awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar. Hususan-da, "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik...

11.06.2024 06:26
13956

Ortaça temperatura + 42 gradus: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (10.06 - 16.06)

Şu hepdede ýurdumyzda yssy bolmagyna we birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde howanyň ortaça temperaturasy + 42 gradus bolar. Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan...