Neýroulgamlaryň kömegi bilen döredilen ilkinji filmiň treýleri çykdy. Ol aýylganç görünýär

  • 20.04.2024 20:06
  • 14k+

Hytaýyň durmuş elektronikasyny öndüriji kompaniýasy TCL neýroulgamlaryň kömegi bilen döredilen ilkinji filmi anons etdi. Bu “Indiki duralga Pariž” atly gysga metražly romantiki komediýadyr diýip, daily.afisha.ru habar berýär.

Internet torunda filmiň eýýäm ilkinji treýleri peýda boldy we onda neýroulgamlaryň giňden ýaýran ýalňyşlyklaryny görmek bolýar. Adam ýüzleri gorkunç we hakyky däl görünýär (aýratynam, mimika gezek gelende), peýzažlar bolsa ýoýulan. Bu treýler eýýäm 117 müň tomaşa ýygnady.
Film öz toýunda söýgülisi tarapyndan taşlanan gyz barada gürrüň berer. Şondan soň ol Pariže ýeke gitmek kararyna gelýär we otluda nätanyş bir adam bilen tanyşýar. Soňlugy bilen olaryň söýgi hekaýasy gülleýär.
Tom’s Hardware neşiriniň pikiriçe, bu film çynlakaý reliz däl-de, has dogrusy, marketing usuly bolmaly. TCL işiň dowamynda filmiň hilini gowulandyrmaga wada berdi.
Komediýanyň premýerasynyň 2024-nji ýylyň tomsunda bolmagyna garaşylýar. Ol täze açylan TCLtv+ striming hyzmatynda görkeziler.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....