Miýadzakiniň esaslandyran Ghibli studiýasy Kann festiwalynyň “Altyn palma şahasyny” alar

  • 19.04.2024 14:06
  • 1.7k+

Ýaponiýanyň Ghibli animasion studiýasy 77-nji Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasyny” alar. Bu barada film.ru habar berýär.

Festiwalyň taryhynda ilkinji gezek hormatly baýrak diňe bir adama däl-de, tutuş topara gowşurylar.
1985-nji ýylda Tokioda multiplikatorlar Haýao Miýadzaki (“Ruhlar bilen äkidilen”, “Ýöreýän gala”; «Унесенные призраками», «Ходячий замок») we Isao Takahata (“Şa gyzy Kaguýa hakynda erteki”, «Сказание о принцессе Кагуя») tarapyndan döredilen Ghibli studiýasy bütin dünýäde dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň göwnünden turan köp sanly animasiýalary hödürledi.
Studiýanyň soňky filmi iň gowy animasion film üçin “Oskar” baýragyny alan we dünýä prokatynda 162 mln dollar gazanan Miýadzakiniň “Oglan we guş” («Мальчик и птица») multfilmi boldy.
Ghibli-den başga-da, hormatly “Altyn palma şahasy” bilen “Ýyldyz söweşijilerini” («Звездные войны») dörediji Jorj Lukas sylaglanar.
77-nji Kann kinofestiwaly 2024-nji ýylyň 14-nji maýyndan 25-nji maýy aralygynda geçiriler.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....