Ýene 5 ýyldan Ýere asteroid ýakynlaşar. Biz ony adaty göz bilen hem görüp bileris

  • 17.04.2024 18:04
  • 18k+

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde äpet Apofis asteroidi Ýere 32 000 kilometrden hem golaý aralykdan uçup geçer - bu Ýerden Aýa çenli uzaklygyň takmynan 1/10 bölegi, ýagny, geostasionar orbitadaky telekommunikasiýa hemralaryndan hem ýakyndyr.

Bu gözegçilikleriň tutuş taryhynda iri kosmos obýektiniň planetamyza iň golaý gelmelerinden biri bolar. Apofis Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň köp böleginden, şol sanda Türkmenistandan hem äp-äşgär görner.
Asteroid 2004-nji ýylda tapyldy. Deslapky hasaplamalar onuň 2029-njy, 2036-njy ýa-da 2068-nji ýyllarda Ýer bilen çaknyşyp biljekdigini görkezdi. Mundan başga-da, çaknyşygyň netijeleri gaty weýrançylykly bolup bilerdi - Apofisiň ölçegleri takmynan inine 375 metr bolup, agramy 20 million tonna töweregi. Emma, alymlar asteroidiň traýektoriýasyny üns bilen öwrenip, onuň planetamyz bilen çaknyşmagynyň mümkin däldigini aýtdylar.
Apofisiň Ýere ýakynlaşmagy ony öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Astronomlar bu pursatdan peýdalanyp, asteroidiň düzümi, görnüşi we orbitasy barada jikme-jik maglumatlary ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Ýewropanyň kosmos gullugy (ESA) we NASA hem täze kosmos gämisini barlamak üçin bu hadysadan peýdalanarlar. Uçup gelýän wagty ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin Apofise tarap zondlar iberiler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.2k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....