Türkmenistan «AADHG + MA-nyň» çäklerinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

  • 15.04.2024 23:14
  • 6.4k+

Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 15-nji aprelde Daşkentde «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystany Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar «AADHG – Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerinde  söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ýaly pudaklarda özara bähbitli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini, şeýle hem «2023—2027-nji ýyllarda strategik kommunikasiýa we hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň» durmuşa geçiriliş ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň çäklerinde häzirki zaman halkara we sebit meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýylda Özbegistanda geçiriljek «AADHG – Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda-ykdysady we  medeni-ynsanperwer ugurlarda strategik dialogyň agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça häzirki zaman meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.
Ikinji duşuşygyň netijeleri boýunça Taşkentde Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......