Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik işler dowam edýär

  • 13.04.2024 09:41
  • 12k+

Häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ylmy ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki çäginde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem olar barada giňişleýin bellenilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleri we alymlary degişli işleriň ýazky möwsümine girişdiler.
Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň alymlarynydyr hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň gadymyýeti”, “Köneürgenjiň arhitektura mirasy”, “Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri”, “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitaplar hem-de “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Bulardan başga-da, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.


28.06.2026 20:31
4.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
5.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......