Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenko gutlag iberdiler

  • 12.04.2024 08:06
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.
“Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Oleg Kononenko häzirki wagtda kosmosa uçuşlarynyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekordynyň eýesidir. 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda onuň kosmosda geçiren wagty müň güne, ýyllyk ekspedisiýanyň ahyrynda bolsa 1100 güne çenli ýeter. Hatda Oleg Kononenko 21-nji iýunda kosmosda 60 ýaşyny bellär. Ol 4-nji fewralda kosmosda 878 gün geçiren Gennadiý Padalkanyň rekordyny täzeledi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......