Türkmenistanly Oleg Kononenko kosmosda geçiren umumy wagty boýunça täze rekord goýdy

  • 05.02.2024 08:06
  • 17k+

Türkmenistanyň Gahrymany, «Roskosmosyň» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy diýip, «Roskosmosyň» Telegram kanalynda habar berilýär.

Kononenko 4-nji fewralda, Aşgabat wagty bilen 13 sagat 30 minut 8 sekuntda (Moskwa wagty bilen 11 sagat 30 minut 8 sekunt) kosmosda iň köp wagt geçiren adam boldy.

«Ol kosmosa bäş gezek uçuşda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt geçiren russiýaly Gennadiý Padalkanyň gazanan üstünliginden öňe geçdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Häzirki wagtda Kononenko Halkara kosmos stansiýasyna bäşinji uçuşyny amala aşyrýar (ol ilkinji gezek bu ýere 2008-nji ýylda gidipdi). Russiýanyň kosmonawtlar toparynyň beýleki agzalary üç gezekden köp uçmadylar.
Kononenko 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda russiýaly Nikolaý Çub we amerikaly Loral O'Hara bilen bilelikde «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde HKS-e uçdy. Amerikaly astronawt zenan Oleg Nowiskiý we belarus kosmonawty Marina Wasilewskaýa bilen bilelikde şu ýylyň ýazynda Ýere gaýdyp geler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......