«Al Hilal» futbolyň taryhynda dowamly ýeňişli oýunlarynyň rekord sanyny 33-e çykardy

  • 10.04.2024 22:31
  • 6.4k+

“Al-Hilal” Saud Arabystanynyň Super kubogynyň ýarym finalynda “Al-Nasrdan” 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Salem Al Dawsari we Malkom tapawutlandy. “Al-Nasrdan” Sadio Mane gol geçirdi.

Duşuşygyň 86-njy minutynda “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu sporta laýyk gelmeýän hereketi üçin meýdançadan çykaryldy: ol tirsegi bilen “Al-Hilalyň” goragçysy Renan Lodiniň ýüzüne urdy. Gyzyl duýduryş berlenden soň, Ronaldu emine hem el götermekçi boldy, ýöne saklandy.
“Al-Hilal” futbol taryhyndaky rekord ýeňişli tapgyryny 33 oýna çenli uzaltdy (ähli ýaryşlardaky oýunlary hasaba almak bilen).
11-nji aprelde ýaryşyň finalynda “Al-Hilal” beýleki ýarym final oýnunda “Al-Wahdadan” üstün çykan “Al-Ittihad” bilen duşuşar.
Häzirki möwsümde Ronaldu ähli ýaryşlarda 37 oýna gatnaşyp, 36 gol geçirdi we 12 netijeli geçirim etdi.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

12.05.2026 14:52
2.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...