Türkmenistan ABŞ-nyň kompaniýalarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar

  • 05.04.2024 09:48
  • 9.9k+

Türkmenistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar we “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji aprelde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny bellenildi. Geňeş iki ýurduň ykdysady guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek üçin netijeli gurala öwrüldi. ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......