BYD ýylda 3 million awtoulag satmak bilen, günde 227 million dollar gazanyp, bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

  • 04.04.2024 15:09
  • 12k+

Hytaýyň iň iri BYD awtoulag öndürijisi 2023-nji ýyl üçin täsirli netijeleri görkezýän maliýe hasabatyny çap etdi. Kompaniýa satan awtoulaglarynyň mukdary boýunça diňe bir BMW-den öňe geçmek bilen çäklenmän, gözleg we ösüş çykdajylary boýunça Tesla-dan öňe geçdi diýip, ITXome-e salgylanýan iXBT.com habar berýär.

BYD 2023-nji ýylda 3,024 million awtoulag satdy, her günde bolsa ortaça 8300 awtoulag satyldy. Kompaniýanyň geçen ýylky girdejisi 83 milliard dollardan ýa-da bir günde 227 million dollardan geçipdi. Bu mukdaryň 80% -den gowragy awtoulaglardan we onuň bilen bagly telekeçilikden gelýän girdejileriň paýyna düşýär.
Arassa girdeji 4,15 milliard dollar ýa-da günde 11,4 million dollar boldy.
BYD BMW-ni gysyp çykarmak bilen, ilkinji gezek dünýäniň iň iri on awtoulag kompaniýasynyň hataryna girdi. Hytaý brendi şeýle üstünligi ilkinji gezek gazanýar.
Kompaniýanyň başlygy Wan Çuanfu maliýe hasabatyna teswir bermek bilen, 2024-nji ýylda 3 million awtoulag satmagy maksat edindi.


24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....