Merkezi Aziýa ýurtlary duz tupanlaryna garşy göreşde tagallalaryny birleşdirer

  • 30.03.2024 23:59
  • 10k+

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüş boýunça halkara komissiýasynyň mejlisi geçirilip, bäş gatnaşyjy ýurduň ekologiýa ministrlikleriniň wekilleri Aral deňziniň suwunyň azalmak meselesi we onuň netijeleri, hususan-da, duz tupanlary babatda pikir alyşdylar. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Aralyň düýbüniň çölleşmegi sebäpli ýüze çykýan duz tupanlary sebit üçin düýpli ekologiýa howpuny döredýär. Guran deňizden ýokary göterilýän tozan ekinleri ýok edýär, mallary iýmitden mahrum edýär we Aralýaka ýaşaýjylarynyň saglygyna ýaramaz täsir edýär.
Gazagystan bu hadysa bilen göreşmek boýunça eýýäm çäreleri görýär. Ol ýerde guýy burawlandy we Aralyň guran düýbünde oazis döretmäge synanyşylýar. Şeýle-de, ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan nahallary ösdürmek üçin nahalhana döretmek meýilnamasy bar.
Bu ugurda Özbegistanyň tejribesi hem üns bererliklidir. Geçen ýylyň ahyrynda Aralyň guran düýbüniň iki million gektar ýerinde sazak ekildi.

“Ýaşy 10 ýyla barabar bolan bir düýp sazak iki tonna çägäni saklamaga ukyply. Eger bu sazaklar bolmadyk bolsa, çäge, duz we tozan howa ýokary galyp, uzak aralyklara ýaýrap giderdi. Tokaýlyklaryň döredilen ýerlerinde çägeleriň, tozanlaryň we duzlaryň sowrulmagy 50-60% azaldy” – diýip, Özbegistanyň Tokaý hojalygynyň ylmy-gözleg institutyndan professor Zinowiý Nowiskiý belledi.

Gazagystan Özbegistanyň tejribesini özleşdirmegi meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli iki ýurt bilelikde Aralyň çäginde çöl ösümlikleriniň tas iki million nahalyny oturdar.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda Gazagystanda dört milliondan gowrak sazak nahalyny ösdürip ýetişdirmek üçin agaç nahalhanasy dörediler.
Astanadaky mejlisde ekologlar Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan kärdeşleri şeýle başlangyçlara goşulmaga çagyrdylar. Komissiýanyň indiki mejlisi Duşenbede geçiriler.


şu gün 11:28
372

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
1k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....