Raşid Meredow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 24.03.2024 06:33
  • 5.6k+

23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da,

  • 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek;
  • parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak;
  • 2024-nji ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak;
  • Energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak;
  • Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky Utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işlemek;
  • Ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany düzmek;
  • 2024-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Adam hukuklary boýunça Dialogy Aşgabatda geçirmek;
  • Türkmenistanyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär.

Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 12:31
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
385

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
656

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......