Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Parižde halkara forumyny geçirmäge taýýarlanýar

  • 23.03.2024 23:23
  • 5.6k+

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Foruma görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Amanow 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, forumyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.
Serdar Berdimuhamedow Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.


düýn 22:17
1.3k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......