“Içiňi sowatmagyň” peýdasy degenok: fiziki maşklar gahar-gazaba garşy täsirli usul däl

  • 21.03.2024 22:15
  • 18k+

Ogaýo Döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri gahary azaltmagyň iň täsirli usulyny tapmak üçin 10189 adamyň gatnaşmagynda 154 gözlegiň meta-derňewini geçirdiler.

Netijeler fiziki işjeňligiň gaharyň güýjüni peseldýändigi baradaky giňden ýaýran ynamyň toslamadan gaýry zat däldigini görkezdi.
Alymlar gyjynmany peseldýän çäreleriň (çuňňur dem almak, akylly-başly pikirlenmek, meditasiýa, ýoga) gahar-gazaby köşeşdirmekde täsirli bolýandygyna göz ýetirdiler.
Clinical Psychology Review-de neşir edilen gözlegde joşguny artdyrýan çäreleriň (mysal üçin, boks haltasyny ýumruklamak, ylgamak, welosiped sürmek, suwda ýüzmek) gaharly adamy köşeşdirmeýändigi subut edilýär. Ylgamak, köplenç, gahary beter güýçlendirýär, bedenterbiýe we oýun elementleri bolsa diňe negatiw duýgulary zyýansyzlandyrýar we adamyň “ünsüni sowýar”.
Alymlar fiziki gyjynmany kemeldýän zatlar bilen meşgullanmaga synanyşmagy maslahat berýärler.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.8k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......