Orta asyrlardan galan “ýylgyryş”: Polşadaky adada ýylgyrýan agaç ýüzi tapdylar

  • 24.07.2025 10:24
  • 4.1k+

Torundaky (Polşa) Nikolaý Kopernik uniwersitetiniň arheologlary Polşanyň Lednisa kölüniň düýbünden ýüzüne oýulyp adamyň ýüzi şekillendirilen pürsi tapdylar. Bu açyş 2024-nji ýylda edildi, ýöne bu hakda indi resmi taýdan habar berildi.

Ýüzüň şekili çekilen, boýy 12 santimetr we ini 9 santimetr bolan pürs, Pýastlar neberesinden ilkinji polýak şalarynyň ýaşaýan ýeri bolan Ledniskiý adasyndaky gorag seňňeriniň bir bölegi bolupdyr. Dendrologik derňew agajyň takmynan 967-njy ýylda çapylandygyny görkezdi.
Barlagçylar ýüzüň doga-jady maksady bilen – obany her hili bela-beterlerden  goramak üçin ýasalandygyna ynanýarlar. Adamlaryň we haýwanlaryň şuňa meňzeş şekilleri, köplenç, Polşadaky gadymy berkitmelerde, haýatlarda we dini binalarda duş gelýär.

"Lednisadan tapylan tapyndy slawýanlaryň ýaşaýan sebitlerinde belli bolan gorag jady edim-gylymlarynyň has giňişleýin mazmunyna laýyk gelýär. Käwagt gorag diwarlarynda haýwanlaryň süňklerini, hususan-da, gorag üçin gurbanlyk berlip bilinjek atlaryň äňlerini we kellelerini tapýarys" - diýip, Nikolaý Kopernik uniwersitetiniň Suwasty arheologiýa merkezinden Mateuş Popek gürrüň berdi.

Şeýlelik bilen, Ledniskiý adasynda ozal bir jaýyň aşagyndan atyň galyndylary we galanyň diwarynyň golaýynda atyň şekili bolan tumaryň daşlygynyň bölegi tapyldy. Şuňa meňzeş tapyndylar Polşanyň Wolinesinde we Russiýanyň Welikiý Nowgorodynda tapyldy. Barlagçylar artefaktlaryň ýerli däbe degişlidigini we skandinawlardan ýa-da ruslardan alynmandygyny çaklaýarlar.


13.06.2026 12:29
5.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 14:01
8.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......