“Akyl üçin iýmit”. Kletçatkaly arzan iýmit goşundysy garry adamlaryň ýadyny gysga wagtda gowulaşdyryp biler

  • 20.03.2024 13:29
  • 8.3k+

Londonyň Patyşalyk kollejiniň alymlary gözleg geçirip, onuň dowamynda garry adamlaryň ýadyny we kognitiw funksiýalaryny gowulandyrmagyň ýönekeý we elýeterli usulyny anykladylar. Bu barada Science Alert neşiri habar berýär.

Gözleg prebiotikleriň – içegedäki peýdaly bakteriýalary iýmitlendirýän ýönekeý süýümleriň kabul edilmeginiň 12 hepdäniň dowamynda 65 ýaşdan uly adamlarda ýat we pikirleniş synaglarynyň netijelerini ep-esli gowulaşdyrýandygyny görkezdi.
Tejribä 36 jübüt ekiz gatnaşdy. Ekizleriň biri gündelik kletçatkaly iýmit goşundysyny, beýlekisi plasebo kabul etdi. Gatnaşyjylaryň ählisi fiziki maşklar bilen meşgullanyp, belok goşundylaryny kabul etdiler.
Üç aýdan soň synaglar prebiotikleri kabul edenleriň ýat we pikirleniş synaglarynda plasebo kabul edenlere garanyňda iki esse az ýalňyş goýberendiklerini görkezdi.
Şeýle goşundynyň günlük paýynyň bahasy bary-ýogy 15 britan sentine barabar.

“Bu arzan we görkezmesiz elýeterli bolan ösümlik süýümleri köp adama uly peýda getirip biler – diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Kler Stiws belleýär. – Biziň indiki wezipämiz bu täsirleriň has uzak wagtlap we has köp adamlar toparynda saklanýandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamakdan ybarat”.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....