Arylarda garramagy haýallatmak ukyby ýüze çykaryldy. Bu aýratynlyk beýleki organizmlerde synag ediler

  • 07.08.2025 13:04
  • 5.9k+

Lester uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary amatsyz şertlerde ösýän Nasonia vitripennis arylaryň liçinkalarynyň uly ýaşda has haýal ösýändigini anykladylar. Açyşyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi. 

Gürrüň Pteromalidae maşgalasynyň kiçi parazit arylary hakda gidýär. Olar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada giňden ýaýrandyr. Bu arylar siňekleriň pilesine ýumurtga taşlaý arlar, şol ýerde-de olaryň liçinkalary ösýär.
Gysga ömri, kiçi göwrümi we köpeltmegiň aňsatlygy sebäpli N. vitripennis genetika we epigenetika boýunça barlaglar üçin amatly model boldy. Gen işjeňligini kadalaşdyrýan DNK-ny metilirleme mehanizminiň barlygy üçin olar has-da gymmatlydyr. Beýleki, miwe siňekleri ýaly, köp sanly organizmlerde bu mehanizm ýok ýa-da gowşak ösen.
Eýmon Mellonyň ýolbaşçylygyndaky topar daşky gurşawyň arylaryň biologik garramagyna täsirini öwrendi. Alymlar liçinkalaryň käbirini dia arakesmäniň döremegine sebäp bolýan şertlerde - ösüşi gijä goýýan pes temperaturada we gysgaldylan günde goýdular. Üç aýlyk dia arakesmeden soň, mör-möjekler genetiki taýdan deň-duşlaryndan ulu boldy, ýöne 30 günden soň olar 2,7 gün ýaşardy.
Barlag dia arakesmäniň epigenetiki garramagy haýalladandygyny ýüze çykardy: garramagyň derejesi 29%, ölmek töwekgelçiligi 65% peseldi, ömrüň ortaça dowamlylygy 36% ýokarlandy. Şeýle hem olarda garramagy haýalladýan gorag molekulýar programmasyny işjeňleşdirdiler.
Şuňa meňzeş metabolik ýollar beýleki organizmleriň garramagyna-da gatnaşýar. Şonuň üçin alymlar bu mehanizmiň süýdemdirijilerde, şol sanda adamlarda emeli usulda açylyp bilinjekdigine düşünmek üçin CRISPR-Cas usulyny ulanmak ýaly goşmaça barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......