Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Wladimir Putini gutladylar

  • 19.03.2024 11:29
  • 18k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz atlaryndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

“Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.
Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny, ysnyşykly özara hereketlerini aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, Prezidentiň hatynda bellenilýär.

“Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, netijeli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köpugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köpmilletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Siziň şahsy goşandyňyzy belläp geçmegi zerur hasaplaýaryn. Geljek ýyllarda hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....