Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 17.03.2024 23:33
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini bellediler.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek babatda guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Ilçi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda halkara we döwlet derejesinde giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi.
Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew, Russiýanyň medeni we ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ösdürmäge
ygrarlydygyny tassyklamak üçin Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri O.B. Lýubimowanyň türkmen tarapynyň çakylygy boýunça 2024-nji ylyň 17-18-nji maýda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleriniň Türkmenistanda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralmagy babatda bolsa, A.Malyşew rus tarapynyň bu möhüm çäräniň meýilnamasyna aýdym-saz we tans toparlaryndan başga-da medeni ugurlar boýunça kinematograflaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, kitaphana we muzeý hünärmenleriniň duşuşyklaryny guramak teklibine aýratyn ünsi çekdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......