Finlýandiýada tutuş şäheri ýylatmak üçin “çäge batareýasy” gurlar

  • 16.03.2024 08:14
  • 6.4k+

Aňzakly gyşlary bilen tanalýan Finlýandiýada senagat möçberindäki “çäge batareýasy” gurlar. Ol polýar sowugy wagtynda tutuş şäheri ýylatmak üçin ulanylar.

Taslama Polar Night Energy kompaniýasynyň işiniň miwesidir. Içi çägeli (ýa-da şoňa meňzeş gaty materially) uly polat bunker 2022-nji ýyldan bäri üstünlikli işleýän synag desgasynyň, takmynan, 10 essesine barabar bolar.
1 MWt sygymly akkumulýator çaklaň şäheri bir hepde ýyladyp biler. "Çäge batareýasy" toryň artykmaç elektrik energiýasyny ulanyp, merkezde ýerleşýän ýylylyk çalşyjy arkaly gyzdyrylýar. Ýylylygy iň az ýitgiler bilen birnäçe aýlap saklap bolýar we soň zerur bolanda ulanyp bolýar.
Täze tehnologiýa Finlýandiýanyň Pornaýnen şäheriniň merkezleşdirilen ýyladyş ulgamynda synagdan geçiriler. Senagatda ýa-da energiýa önümçiliginde öndürilen ýylylyk jaýlary, binalary we hatda, howuzlara hem ýylatmak üçin, paýlaýjy turbalar ulgamyna birleşdiriler.
Polar Night Energy-niň “çäge batareýasynyň” gurluşygy we synagy, takmynan, 13 aýdan tamamlanar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....