Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 15.03.2024 10:38
  • 8.4k+

14-nji martda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.


Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we dermanlyk ösümliklerden işlenip taýýarlanan önümlere bagyşlanyp sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň ylmy-önümçilik bölümleriniň hem-de uniwersitetiň Umumy we amaly biologiýa institutynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Uniwersitetiň gerbariý gaznasynda eýýäm 100 ýyldan hem köp wagt bäri saklanyp gelýän ösümlikler gory sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Sergi şol bir wagtyň özünde sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi.


Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, biotehnologiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dermanlyk häsiýetli önümleri öndürmek hem-de olary gorap saklamak, dermanlyk ösümlikleriň bioykdysady ähmiýetini öwrenmek ýaly möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler.
Esasy mejlis tamamlanandan soň maslahatyň işi “Dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy”, “Dermanlyk ösümlikleriň biotehnologiýasy”, “Dermanlyk ösümlikleriň bioykdysadyýeti” atly 3 sany bölümde dowam etdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....