Arktikanyň asmanynda uly ak ýagtylygyň girdaby göründi. Hünärmenler onuň ýüze çykmagynyň sebäbini düşündirdiler

  • 15.03.2024 10:23
  • 23k+

Geçen hepde Arktikada gijeki asmanda hatda ýiti polýar şöhlelenmesiniň öňüni tutan uly ak ýagtylygyň girdaby göründi. Bu barada “Haýtek” neşiri ýazýar.

Galaktikanyň şekilindäki ýagtylyk Transport-10 missiýasy ýerine ýetirilenden soň, SpaceX-iň raketasy tarapyndan kosmosa taşlanan doňan ýangyjyň esasynda ýagtylyk saçýan bulut eken.
4-nji martda Falcon 9 raketasy 53 hemrany orbita çykardy. Köp gezeklik tizleşdirijiden aýrylandan soň, raketanyň ikinji basgançagy orbitadan çykyp başlady we soňrak Barens deňziniň üstündäki atmosferada ýandy. Bu hereketiň dowamynda aýlanýan raketa galan ýangyjyny kosmosa goýberdi. Ol doňup, spiral boýunça ýaýran we Gün şöhlesini Ýere serpikdiren ownujak kristallara öwrüldi.
Netijede, uly ýagty saçýan girdap emele geldi. Astronomlar bu seýrek hadysany “SpaceX-iň spiraly” diýip atlandyrdylar. Geljekde ol ýygy-ýygydan peýda bolar, sebäbi kompaniýa has köp raketa uçurmagy meýilleşdirýär.


düýn 23:12
2.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......