Hytaý hassahanalarynda neýrohirurglara kömek üçin emeli aň synagdan geçirilip başlandy

  • 14.03.2024 15:33
  • 4.8k+

Hytaý Pekindäki we beýleki şäherlerdäki ýedi hassahanada neýrohirurglar üçin emeli aňy synagdan geçirip başlady. Model Meta-nyň Llama 2.0 ulgamynyň binýadynda döredildi.

Bu akylly kömekçi lukmançylyk makalalaryny we gollanmalary seljermek hem-de hirurgiki maslahat bermek arkaly hirurglara kömek etmek üçin taýýarlanýar.
Hytaýyň döwlet edaralary OpenAI-iň ChatGPT-niň ruhunda emeli aň tehnologiýalaryny döretmek üçin hususy kompaniýalara goşulýarlar. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň TaiChu modeli ilkinji bolup awgust aýynda köpçülikleýin ulanmak üçin makullanyldy. Bu tehnologiýa diagnoz we maslahat beriş pudagynda potensial öwrülişik hasaplanýar.
Gonkongda ýerleşýän Emeli aň we robototehnika merkezi öz modeline saglygy goraýyş ulgamynda tälim bermek üçin, takmynan, 100 grafiki professor ulandy. Olar özleriniň AI boty CARES Copilot 1.0-yň milliondan gowrak ylmy makalalardan jümleler bilen soraglara jogap berip biler hem-de şekil we ses ýaly anyklaýyş maglumatlary gaýtadan işlär diýip umyt edýärler.
Olar geljekde emeli aňyň has işjeň orun eýelemegini, mysal üçin, lukmanlara töwekgelçilikli amallara garşy duýduryş bermegini meýilleşdirýärler.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....