“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Üçburçluk gallaktikasynda ýyldyzlaryň emele gelişiniň syrlaryny açýar

  • 14.03.2024 07:44
  • 5.2k+

"Jeýms Uebb" kosmos teleskopy Üçburçluk galaktikasynda, Ýerden 2,73 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän NGC 604 ýyldyz emele getirýän sebitiň suratlaryny aldy diýip, Space.com-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär.

Enjamyň iki kamerasy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suratlar - ýakyn we orta infragyzyl diapazonda - ozal näbelli bolan kosmiki köpürjikleri, ýaş ýyldyzlary we gaz gurluşlaryny açýar.
Üçburçluk gallaktikasy işjeň ýyldyz emele gelýän sebitlere baý we NGC 604 olaryň iň ulusydyr. Onda B we O spektral klasly, ömrüniň başlangyç döwründäki 200-den gowrak täze doglan ýyldyz bar.
Olaryň üstüniň temperaturasy ýokary, ak-mawy we mawy reňkler häsiýetli. Bular älemdäki iň yssy we iň uly ýagtylgyçlardyr.
NGC 604-iň suraty – bu diňe bir kosmosyň owadan suraty däl. Ýyldyzlaryň emele gelýän bu giň sebitleri dürli molekulalary öz içine alýar, olar jikme-jik öwrenilende planetalaryň we ýyldyzlaryň ösüşi, belki-de, ýaşaýşyň gözbaşlary barada has köp zatlary açyp bolar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....