Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýada Graz tehniki uniwersitetine baryp gördi

  • 12.03.2024 14:12
  • 7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow Awstriýanyň Graz şäherindäki Graz tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde guraldy.

Bu uniwersitet geljege gönükdirilen ylmyň we tehnologiýanyň gözleg işlerini amala aşyrýan iň gadymy ýokary okuw mekdebi bolup, özboluşly häzirki zaman halkara profiline eýedir.
Bu duşuşygyň çäginde türkmen tarapy Graz tehniki uniwersitetiniň işi, düzüm bölekleri, kampuslary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelik-de, duşuşygyň barşynda taraplar öz teklipleri we çykyşlary bilen ýüzlendiler we geljekki hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Graz tehniki uniwersitetiniň arasynda özara Düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara ylym-bilim gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş sapary 13-nji marta çenli dowam eder.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......