Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

  • 12.03.2024 09:18
  • 5.5k+

 11-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Ol halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup gowşurylar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji martda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, biziň gatnaşyklarymyzyň has-da täze derejä çykmagyna, halklarymyzyň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjek şol resminamany kabul etmegi teklip etdi. 


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......