Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 12.03.2024 08:23
  • 3.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlik, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Ali Zardari ikinji gezek Pakistanyň Prezidenti boldy. Ondan öň ol 2008-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan 2013-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli ýurda ýolbaşçylyk edipdi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....