Atlantik ummanynda 200 ýyl bäri ýitip giden görnüş hasaplanan çal kit tapyldy

  • 10.03.2024 15:41
  • 23k+

Täze Angliýanyň kenarlarynda 200 ýyldan gowrak wagt bäri Atlantik ummanynda görünmeýän çal kit tapyldy.

Täze Angliýanyň Boston akwariumynyň gözlegçileri Massaçusets ştatynyň Nantaket şäheriniň 48 km günortasynda ýeke ýüzüp ýören çal kiti ýokardan surata aldylar diýip, Neaq.org habar berýär.
Bu görnüş (Eschrichtiusrobustus) Atlantikde ýok bolup gitdi öýdülýärdi. Iň soňky gezek ýazgy edilen gözegçilik XVIII asyra degişlidir.
Çal kit özüniň alabeder çal reňkli bedeni bilen tanalýar, uzynlygy 15 metre, agramy 41 000 kg-a ýetýär. Arka ýüzgüji ýok, ýöne bedeniniň aşaky böleginde tüňňi ýeri bar.
Çal kitler Ýuwaş ummanda köp duş gelýär, ýöne olaryň Atlantikde peýda bolmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy.
Hünärmenler kitiň uzak demirgazyga nädip düşenini bilenoklar, ýöne howanyň üýtgemegi täsirini ýetirendir diýip hasaplanýar. Sebäbi, soňky ýyllarda Atlantik ummany bilen Ýuwaş ummanyny birleşdirýän, Kanadadaky deňiz ýoly bolan Demirgazyk-Günbatar geçelgesi ýygy-ýygydan buzdan boşaýardy.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....