Sem Altman OpenAI-yň müdirler geňeşine gaýdyp gelýär

  • 09.03.2024 22:41
  • 4.4k+

ChatGPT-ni dörediji, OpenAI-yň baş müdiri Sem Altman kompaniýanyň müdirler geňeşiniň düzümine gaýdyp gelýär. Bu barada kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.

Altmanyň müdirler geňeşine gaýdyp gelmegi baradaky karar WilmerHale hukuk firmasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde kabul edildi.
WilmerHale-yň maglumatlaryna görä, Altmanyň müdirler geňeşinden aýrylmagy müdirler geňeşiniň öňki düzümi bilen baş müdiriň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagy we ynamyň ýitmegi netijesinde bolup geçdi. Gözlegler munuň dogrudygyny görkezse-de, bu sebäpli işden aýyrmagyň hökmany bolmandygy bellenildi.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda OpenAI-yň müdirler geňeşi Sem Altmany geňeş bilen gatnaşykda “aç-açan bolmandygy” sebäpli işden aýyrmak kararyna geldi. Anyk sebäp görkezilmedi. Altman işden gideninden iki hepde soň baş müdir wezipesine gaýdyp geldi, ýöne müdirler geňeşiniň düzümine girmedi.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......