Rumyniýa Prahow oblastynda türkmen harytlarynyň sergisini guramagy teklip etdi

  • 08.03.2024 17:37
  • 3.5k+

Rumyniýanyň Prahow oblastynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Prahow oblastynda türkmen harytlarynyň sergisini guramagy teklip etdi. Bu barada ol Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew bilen duşuşygynda belledi.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri geçirilen gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi. Bu barada Türkmenistanyň Buharest şäherindäki ilçisi habar berdi.
Degişli ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin rumyn tarapyna Türkmenistanda şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň sanawyny gowşurdy. Prahow oblastynyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň saparyny guramak barada teklip beýan edildi.
Taraplar türkmen-rumyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň beýleki meselelerine hem garadylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......