Alymlar köp gatly janly 3D derini açyk ýaranyň göni özüne  çap etdiler

  • 08.03.2024 15:58
  • 3.8k+

Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň alymlary derisine uly zeper ýeten alakalaryň deri gatlagyny dikeltmek üçin 3D printerde tüýlek follikully köp gatlakly janly derini çap etdiler diýip, uniwersitetiň web sahypasyna salgylanýan Science Direct neşiri ýazýar.

Alymlar syçanlar bilen geçirilen operasiýa wagtynda olaryň kellesinde deriniň ýetmeýän ýerini üstünlikli çap etdiler.
Emeli deri tebigy deriniň anatomiýasyna gabat gelýän üç gatlakdan durýar: epidermis, derm we gipoderm. Bioink çap etmek üçin üç komponent ulanyldy:

  • gurluşy we durnuklylygy üpjün edýän, adamyň ýag dokumasyndan alnan öýjükden daşary matriks;
  • dokumanyň täzelenmegi üçin ýag dokumasyndan alnan sütün öýjükleri;
  • ýaraly komponentleri baglamak üçin fibrinogen saklaýan gan uýadyjy ergin.

“Üç bölüm bize matrisa bilen fibrinogeniň garyndysyny takyk gözegçilikde sütün öýjükleri bilen bilelikde çap etmäge mümkinçilik berýär. Ýaranyň bitmegine, saç follikulasynyň emele gelmegine, temperaturanyň kadalaşmagyna we beýlekilere ýardam edýän gipodermi emele getirmek üçin biz gönüden-göni şikesiň ýeten ýerinde çap etdik "- diýip, gözlegiň şärikdeş awtory Ibragim Ozbolat gürrüň berýär..

Gipodermiň we dermiň çap edilmegi epidermiň özbaşdak emele gelmegine itergi berdi, bu bolsa iki hepdäniň içinde ýaranyň doly bitmegine getirdi.
Saç follikulalarynyň ösüşiniň başlangyjy bolan gipodermde “ösüntgiler” tapyldy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....