Italiýadan we Türkmenistandan pianinoçylar Aşgabatda Bahyň, Mosartyň, Şopeniň we Nino Rotanyň sazlaryny ýerine ýetirdiler

  • 08.03.2024 00:39
  • 5.1k+

Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanda Italiýanyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Çärä Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, türkmen intelligensiýasynyň wekilleri hem-de köp sanly aýdym-saz söýüjileri gatnaşdy.
Diplomat özüniň gutlag sözünde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri 32 ýylyň içinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda medeniýetde täze itergi alandygyny belledi.
Konsert programmasy italýan pianinoçysy we kompozitory Roberta Di Marionyň we türkmen pianinoçysy we kompozitory Aýlar Saparmyradowanyň çykyşlaryny öz içine aldy.
Sazandalar öz döredijiliginden, şeýle-de W.Mosart, I.Bah, F.Şopen, Nino Rota, Ferens List ýaly meşhur klassyklaryň eserlerini ýerine ýetirdiler. Konsertiň aýratyn pursaty Roberta Di Mario tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi boldy.
Agşamyň ahyrynda pianinoçylar Antonin Dworžakyň “Slawýan tansyny” ýerine ýetirdiler.


şu gün 18:04
314

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

şu gün 16:40
1.4k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

şu gün 15:43
2.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

şu gün 15:12
1.4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......