Alymlar elektron galyndylaryndan altyn almagyň usulyny oýlap tapdylar

  • 07.03.2024 17:42
  • 11k+

Şweýsariýada Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) alymlary peýnir önümçiliginden goşmaça alynýan önüm bolan kesilen süýdi ulanyp, elektron galyndylaryndan altyn çykarmagyň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdylar diýip onlinelibrary.wiley.com ýazýar.

Elektron platalaryň metal bölekleri kislota hammamynda eräp, metallary ionlara bölýär, şondan soň altynyň adsorbsiýasy bolup geçýär – kesilen süýtden alnan belok süýümli gubka ergine salynýar we şol ýerde altynyň ionlary oňa ýapyşýar. Gubka gyzýar, ionlary patraga öwürýär, soň bolsa sap tebigy altyn bölegine öwürmek üçin eredilýär.
Advanced Materials-da neşir edilen gözlegiň awtorlarynyň biri Raffaele Mesenga: “Iň göwnüme ýaraýan zat elektron galyndylaryndan altyn almak üçin azyk senagatynyň goşmaça alynýan önümini ulanýarys" -diýdi.
Bu usul çig mal satyn almak üçin çykdajylary we tutuş proses üçin energiýa çykdajylaryny göz öňünde tutsak, adaty usullardan 50 esse arzan düşýär.
Mundan başga-da, täze usulda parnik gazlary az çykýar. Elektron galyndylardan 1g altyny çykarmak üçin yzygiderli işjeňleşdirilen kömrüň ulanylmagy, takmynan, 116g kömürturşy gazyny öndürýär. Belok gubkasynyň uglerod yzy, takmynan, 87g parnik gazyndan ybarat. Mundan başga-da, hünärmenler kesilen süýdüň ýerine ösümlik esasly beloklary ulanmagyň mümkinçiligini öwrenýärler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....