Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Hindistana bardy

  • 07.03.2024 10:25
  • 18k+

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar. Bu barada ORIENT agentligi Türkmenistanyň Nýu-Delidäki diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.

Hindistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletlerinden 100-e golaý (hersinden 20) ýaşlar geldiler. Ýaşlaryň bu saparyny guramak başlangyjy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda öňe sürüldi we makullanyldy. Şondan bäri şunuň ýaly sapar eýýäm ikinji gezek guralýar.
Ýaşlar wekiliýetiniň agzalary giň medeni maksatnamanyň çäklerinde 12-nji marta çenli dowam etjek dürli çärelere gatnaşarlar. Oňa gatnaşyjylar Hindistanyň medeniýeti we taryhy, milli aýratynlyklary bilen giňişleýin tanşarlar. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýaşlarynyň arasyndaky dialogy goldamagy we berkitmegi maksat edinýär.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......