Türkmenistan anyk ugurlar boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow

  • 05.03.2024 21:32
  • 7.1k+

5-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň bu ulgamda netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol duşuşykda ekologiýa ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça degişli toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy nygtaldy.  
Energetika ulgamy ýene bir geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek boýunça turbageçirijileri işletmegiň syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksada laýykdygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliginiň uludygy aýdyldy. Munuň özi ýükleriň tiz wagtda ýetirilmegi bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin täze şertleri  döreder. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......