Gurbanguly Berdimuhamedow owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

  • 05.03.2024 08:39
  • 9.6k+

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisinde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy. 

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ösmegi we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ýurduň içerki ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyz anyk işleri durmuşa geçirýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen tarapy Owganystanda köp sanly durmuş desgalaryny, ýagny saglyk öýlerini, mekdepleri gurdy.
Duşuşygyň barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Häzirki döwürde amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag-logistika ulgamyna degişli desgalary, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we iki ýurt üçin hem ähmiýeti bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan tarapynyň wekillerini ýetip gelýän mübärek Remezan aýy bilen gutlady hem-de mukaddes aýda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......