Özbegistan täze ykjam Kia Sonet krossoweriniň önümçiligine başlamaga taýynlanýar

  • 04.03.2024 23:15
  • 11k+

2024-nji ýylda ADM Jizzakh zawody şäher içine niýetlenen Kia Sonet ykjam krossowerini öndürip başlar. Daryo.uz-yň habar bermegine görä, bu Özbegistanda doly önümçilik siklini (CKD) ulanyp öndüriljek ilkinji Kia awtoulagydyr.

Sonet-iň önümçiligi häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň täze meýdançasynda amala aşyrylar. Kuwwatlylygy ýylda 100 000 awtoulag çykarmaga niýetlenendir. Işe giriziş-ýola goýuş işlerini 2024-nji ýylyň mart aýynda tamamlanmak meýilleşdirilýär.
Kia Sonet - dinamiki dizaýnly we häzirki zaman tehnologiýaly “akylly krossower”. Modeliň ýaşlara, esasanam, “millenial” we “Z nesli” nesilleriniň wekillerine gönükdirilendigi bellendi.
Sonet eýýäm Hindistanda iň köp satylan ykjam krossowerleriň birine öwrüldi (her ýylda 100 000-den gowrak alyjysy bar).
Öndürijiler “Kia Sonet”-iň önümçiliginiň we satuwynyň başlanjak senesi, 2024-nji ýylyň ýazynda Özbegistanyň bazary üçin aýratynlyklar barada has jikme-jik maglumat bererler.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....