Bütindünýä banky türkmen bazaryna maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmäge taýýar

  • 04.03.2024 19:05
  • 7.1k+

Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada TSTB-niň Metbugat gullugy habar berýär.

TSTB-niň edara binasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynda gatnaşyklary ilerletmegiň hem-de geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmagyň meselelerine bagyşlandy. Şeýle-de türkmen bazaryna daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmek barada aýratyn durlup geçildi.
Duşuşyklaryň ikinjisi bolsa Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanýan hususy taraplar bilen geçirildi. Onda aýratyn-da bilelikde taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň oba hojalygy we azygy gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda netijeli ösdürilmegine üns çekildi.
Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Bütindünýä bankynyň wekiliýeti TSTB-niň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çägindäki ýyladyşhanalaryna, bagçylyk hojalyklaryna, Mary welaýatynyň çägindäki oba hojalyk we azygy gaýtadan işleýän kärhanalaryna baryp gördüler. Myhmanlar bu ýerlerde döwrebaplaşdyrylan esasda alnyp barylýan işler barada nygtamak bilen, oňa ýokary baha berdiler.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.7k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......