NASA-nyň hemra suratlary ABŞ-nyň şäherleriniň nähili tizlik bilen suwuň astyna çöküp barýandygyny görkezýär

  • 04.03.2024 14:44
  • 14k+

NASA-nyň hemra suratlary ABŞ-nyň Nýu-Ýork, Baltimor we Çarlston ýaly gündogar kenarýaka şäherleriniň ýerleşen ýeriniň howsala salýan tizlik bilen suwuň astyna çöküp barýandygyny görkezýär. PNAS Nexus žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, 2007-2020-nji ýyllar aralygynda bu şäherleriň astyndaky ýer ýylda ortaça 1-2 mm çöküpdir.

Delawer, Merilend, Günorta Karolina we Jorjiýa ştatlarynyň käbir etraplarynda çöküşiň depgini iki ýa-da üç esse artdy.
Merkezi deňiz derejesinden bary-ýogy 3 metr beýiklikde ýerleşýän Çarlstonyň ýeriniň çöküşi hemmesiniňkidenem çalt. Şäher ýylda 4 mm töweregi çökýär.
NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň gözlegçileri ABŞ-nyň Gündogar kenarýakasynda gury ýeriň hereketini görkezýän kartany döretdiler. Goýy gök reňk bilen bellenen ýerler iň çalt depginde çökýär.
Ýeriň çökmegi şor suwuň ekerançylyk ýerlerine, ekinlere we süýji suwuň ätiýaçlyklaryna aralaşmagyna, şeýle hem ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine täsir etmegine getirip biler. Bu ýagdaý, esasanam, deňiz derejesi ýokarlanan halatynda, infrastruktura we daşky gurşawa howp salýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......