Polşada saýlama söweşijiä degişli bolan 4000 ýyllyk dabara hanjary tapyldy

  • 03.03.2024 12:38
  • 9.4k+

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogaryndaky Korženisa obasynyň golaýyndaky tokaýda ýaşy 4000 ýyl töweregi bolan mis hanjary tapdylar. Alymlaryň sözlerine görä, seýrek ýarag gaty ýokary derejeli saýlama söweşijä degişlidir.

"Nauka w Polsce" ylmy žurnalyň materiallarynda şeýle hanjaryň Polşada 1960-njy ýyllarda diňe bir gezek tapylandygy aýdylýar. Hanjar gözleg meýdanyndaky ýeke-täk artefakt bolup, onuň arheologiki medeniýetini kesgitlemegi kynlaşdyrýar.
Arheolog Marsin Burghard tapylan ýarag söweş ýaragy däl-de, ähtimal, dabara ýaragy bolan bolmaly diýip belledi. Onuň mis tyglary juda ýumşak, şonuň üçinem ony hakyky söweşde ulanyp bolmaýar. Megerem, hanjar eýesiniň ýokary derejesiniň nyşany bolup hyzmat eden bolsa gerek.
Alymlar hanjaryň gelip çykyşyny we nädip ýasalandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berjek metallurgiýa derňewini geçirmegi meýilleşdirýärler. Ähtimal, sebitiň daşynda ýasalan bolsa gerek.


düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......