Alymlar: Aziýaly piller jaýlanyş däplerini geçirip, çagalarynyň ýasyny tutýarlar

  • 03.03.2024 12:35
  • 10k+

Aziýaly piller aradan çykan çagalaryny jaýlanlarynda hoşlaşyk däplerini berjaý edýärler diýip, Journal of Threatened Taxa (JTT) ylmy neşirinde aýdylýar.

Günbatar Bengaliýanyň tokaýlary dolandyryş bölüminiň hem-de Hindistanyň Ylmy bilim we gözleg institutynyň alymlary pilleriň jaýlaýyş çäresini guraýandyklaryny, şonda uly pilleriň çaga piliň maslygyny göwresinden we el-aýaklaryndan tutup getirýändiklerini anykladylar. Şondan soň jaýlamak üçin suwaryş akabalaryny ulanyp, maslygy arkan ýatyryp, aýaklaryny ýokary edip gömýärler.
Gözlegçiler: "Şeýle däp-dessurlaryň diňe çagalar babatynda berjaý edilýändigini gördük, sebäbi uly piller daşamak üçin gaty agyr" – diýip gürrüň berdiler.
Jaýlanlaryndan soň süri holtumy bilen birsalym surnaý çalýar we gaty gygyrýar, soň bolsa başga ugur bilen gabryň ýanyny terk edýär.
Aziýaly pilleriniň erkinlikde ýaşaýanlarynyň ömri ortaça 60-70 ýaş. Bu haýwanlara ýitip gitmek howpunyň abanýandygyny bellemelidiris. Hasaplamalara görä, olaryň ýabany tebigatda 26 000 sanysy galypdyr, olaram,  esasan, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....