Microsoft “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny açdy

  • 02.03.2024 17:49
  • 2.7k+

Microsoft kompaniýasy GitHub serwisinde “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny ýerleşdirdi. Ol uly dil modelleri, emeli aň agentleri bilen işlemegiň esasy ýörelgeleri we bularyň ählisini öz taslamaňy işläp taýýarlamakda nähili ulanmalydygy barada gürrüň berýän 18 tekst sapagyny öz içine alýar.

Kursuň maksatnamasyny özleşdirmek üçin OpenAI API ýa-da Azure OpenAI Service hyzmatyna elýeterli bolmaly, Python-da ýa-da TypeScript-de esas derejede kod ýazyp bilmeli we GitHub-da hasaba alynmaly. Okuw doly derejede mugtdur.
Kompaniýa amaly bölek we tema boýunça has jikme-jik materiallara salgylanmalary jemleýän “Öwrenmegi dowam etdirmek” blogy bilen jemi 18 sapak taýýarlady. Okuw neýroulgamlaryň esasynda öz programmalaryňyzy we serwisleriňizi işläp başlamaga kömek etjek esaslary öz içine alýar.

Sapaklaryň sanawy şulardan ybarat:

  • Generatiw emeli aňa (AI) we LLM-e (uly dil bilimi) giriş;
  • Dürli LLM-i öwrenmek we deňeşdirmek;
  • LLM-i  jogapkärli ulanmak;
  • Prompt-inžiniringiň esaslary;
  • Öňdebaryjy promptlary döretmek;
  • Teksti emele getirmek üçin programmalary döretmek;
  • Çat-botlary döretmek;
  • Gözleg ulgamlaryny döretmek;
  • Şekil generatorlaryny döretmek;
  • low-code AI programmalaryny döretmek;
  • Funksiýalary çagyryşyň kömegi bilen üçünji tarap programmalaryny birleşdirmek;
  • Emeli aň programmalary üçin UX-dizaýny;
  • Emeli aň programmalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek;
  • Emeli aň programmalarynyň ýaşaýyş sikli;
  • RAG (Retrieval Augmented Generation) we wektor maglumat bazalary;
  • Açyk modeller we Hugging Face;
  • Emeli aň agentleri;
  • Faýn-týuning LLM.

Kurs materiallaryny GitHub-da ýa-da saýtda öwrenip bilersiňiz.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
990

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...