27-28-nji martda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

  • 01.03.2024 23:25
  • 13k+

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Garaşylyşy ýaly, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, şeýle hem ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler we umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, şeýle hem syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekişmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......