Tesla 2025-nji ýylda Roadster sportkaryny çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

  • 01.03.2024 16:09
  • 2.8k+

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.

“Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri tamamlandy we ol şu ýylyň ahyryna çenli hödürlener, üpjünçiligi bolsa geljek ýylda başlamak meýilleşdirilýär” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

Roadster 1 sekuntdan az wagtyň içinde tizligini sagatda 96,6 km çenli artdyryp bilýär. Tesla-nyň saýtynda onuň dünýädäki iň tiz awtoulagdygy bellenilýär.
Tesla batareýa bilen işleýän dört orunlyk Roadster awtomobilini 2017-nji ýylyň ahyrynda anons edipdi we ol ilkibaşda 2020-nji ýylda çykarylmalydy. Bu sportkaryň öňki nesli kompaniýa tarapyndan öndürilen ilkinji awtomobildi. 2018-nji ýylyň fewral aýynda SpaceX kompaniýasy Maskyň şahsy kolleksiýasyndan Tesla Roadster-i ruluň başynda skafandr geýdirilen Starman manekeni bilen açyk kosmosa iberdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......