Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen serhetde erkin söwda zolagynyň döredilmegini tassyklady

  • 01.03.2024 13:07
  • 18k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 28-nji fewralda “Özbegistan – Türkmenistan” erkin söwda zolagyny döretmek baradaky karara gol çekdi. Respublikanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary kanalynda habar berlişi ýaly, 3,1 g meýdany eýeleýän zolak Horezm welaýatynyň Şawat sebitinde ýerleşer. Bu zolagy “Hazarasp” erkin ykdysady zolagynyň müdirligi dolandyrar.

Bilelikdäki taslama laýyklykda, täze söwda zolagynda:

  • döwrebap tehnologiýalaryň esasynda önümleri kabul etmek, saklamak we tertipleşdirmek hyzmatlary hödürlener;
  • müşderiler üçin “Bir penjiräniň” we interaktiw mehanizmleriň esasynda gümrük, salgyt, sertifikasion, fitosanitar, weterinariýa, transport hyzmatlary, bank we walýuta çalşygy, ykjam aragatnaşyk, şeýle-de lukmançylyk, myhmanhana, awtotransport we beýleki hyzmatlar dörediler;
  • diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar;
  • bölek söwda amallaryna rugsat berýän “erkin gümrük zolagy” gümrük režimi hereket eder;
  • söwda zolagyndaky binalar we desgalar elektron onlaýn auksionlaryň esasynda telekeçilik subýektlerine kärendesine berler.

Erkin söwda zolagyna giriş aýratyn barlag-geçiriş nokatlary arkaly gurnalar. Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtly myhmanlary bu ýerde wizasyz 15 gün bolup bilerler.
Zolak uzaltmak mümkinçiligi bilen 30 ýyl üçin döredilýär.
Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin esas bolup 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen döwletara şertnamasy hyzmat etdi. Şeýle-de, Mirziýoýewiň Aşgabada sapary wagtynda Şawat – Daşoguz serhet geçelgesinde söwda zolagynyň gurluşygy başlandy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......