Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutladylar

  • 01.03.2024 07:54
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Siziň uly goşandyňyz hem-de aýratyn ünsüňiz üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

1-nji martda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 67 ýaşady.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......