Halkara kosmos stansiýasynda howanyň syzýandygy ýüze çykaryldy

  • 29.02.2024 18:52
  • 10k+

Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) howanyň syzýandygy ýüze çykaryldy. Kommersant -yň habar bermegine görä, “Roskosmos” we NASA bu barada 28-nji fewralda habar berdi.

Amerikan tarapynyň berýän maglumatyna görä, “Progress” ýük gämileriniň sepleşiş duralgasy bolan “Zwezda” modulynyň geçiş kamerasynda bir hepde mundan öň howanyň syzýandygy bilindi. Syzma ýüze çykarylan pursadyndan bäri ol iki güýjedi.
NASA-daky HKS maksatnamasynyň başlygy Joel Montalbano syzmanyň ekipaž we stansiýa üçin çynlakaý howpunyň ýokdugyny aýtdy. Ol: "Häzirki wagtda bu ekipažyň howpsuzlygyna düýpli täsir etmeýär" - diýdi.
“Roskosmos” syzmanyň hakykatdyny tassyklady, ýöne jikme-jik maglumat  bermedi.
2020-nji ýylda hem “Zwezda” modulynda 4 santimetrlik jaýryk tapylyp, abatlanypdy. 2021-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda bolsa howanyň syzmagyna sebäp bolup biljek başga-da kemçilikler tapylypdy.
Roskosmosda: "Stansiýanyň durkunyň könelmegi hem-de bortda abatlaýyş we dikeldiş işleriniň geçirilmegine barha artýan zerurlyk ekipažyň ep-esli wagtyny alýar" – diýip habar berdiler.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....