Alymlar ýylanlaryň ýüzlerçe görnüşiniň zäherine garşy madda tapdylar

  • 25.02.2024 16:12
  • 8.6k+

Halkara alymlar topary ýylanlaryň 384 görnüşiniň ölüm howply zäherine garşy ählumumy madda tapdylar. Özboluşly açyş barada makala Science Translational Medicine žurnalynda neşir edildi diýip, esquire.kz habar berýär.

Alymlar öz gözleglerinde beýlekiler bilen bir hatarda şa kepjebaşyny we gara mambany öz içine alýan aspidler maşgalasyna aýratyn üns berdiler. Zäherde saklanýan beloklary öwrenmegiň netijesinde ysmazlygy ýüze çykarýan toksini anyklamak başartdy.

Soňra alymlar 50 mlrd antibedenjik barada maglumatlary saklaýan kitaphanany gözden geçirdiler we toksin bilen has gowy baglanyşýan hem-de onuň hereketini bitaraplaşdyrýan birleşmäni tapdylar. Barlaghana synaglary üstünlikli geçdi: zähere garşy madda goýberilen syçanlar hatda has howply ýylanlaryň-da çakmagyna çydap bildiler.

Diňe alymlar ortaça giňişliklerde ýaýran alahöwrenleriň zäherine garşy antibedenjikleri tapyp bilmediler. Geljekde olar hut şuny maksat edinýärler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....