Astronomlar Nakgaş ýyldyzyndan bir günde Günüň agramyna barabar jisimi ýuwudýan gara girdap tapdylar

  • 24.02.2024 16:59
  • 6.9k+

Halkara alymlar topary Nakgaş ýyldyzlar toplumynda iň ýagty we iň çalt ulalýan gara girdap tapdylar. Onuň massasy 17 milliard Güne barabar. Bir günüň dowamynda ol Günüň massasyna deňeçer maddany ýuwudýar diýip, eso.org habar berýär.

Ilkibaşda Akmaýanyň ýolundaky ýyldyz hasaplanylan J0529-4351 obýekti kwazar - Ýerden 12 milliard ýagtylyk ýyly daşlykda ýerleşýän işjeň galaktiki ýadro hökmünde kesgitlenildi.
J0529-4351-däki adatdan daşary uly gara deşik Güne garanyňda 600 trillion esse ýagty, akkresion diskiniň diametri 7 ýagtylyk ýyly - Gün bilen Neptunyň arasyndaky aralykdan 15 000 esse uly.
J0529-4351-iň özboluşly aýratynlygy - onuň ýoýulmaýanlygynda we beýleki galaktiki ýadrolaryň grawitasiýa linzalary bilen şöhlelenmesiniň güýçlenýänliginde.
J0529-4351-iň açylmagy alymlara adatdan daşary uly gara deşigiň massasyny anyklamaga we onuň aýlanyşyna gözegçilik etmäge kömek eder. Gözleg kwazar tapmak üçin ulanylýan emeli aň modellerine-de garşy çykýar. Hakykatda, bu modeller bar bolan maglumatlar boýunça tälim alýarlar, ýagny diňe eýýäm belli bolanlara meňzeş obýektler kwazar statusyna dalaşgär bolup bilerler. Bu ýagdaýda bolşy ýaly, eger täze kwazar öň görlüp-eşidilmediklerden has ýagty bolup çyksa, AI algoritmi ony ret edip, obýekti Ýerden gaty uzakda bolmadyk ýyldyzlaryň toparyna degişli edip biler.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....